«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak we özleşdirmek hem-de öň bar ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, bu pudagyň çig mal binýadyny berkitmek esasy meseleler bolup durýar.
Nebit çykarylýan guýularyň önüm berijiligini durnuklaşdyrmak ýa-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler, elbetde, düýpli abatlaýyş işleriniň netijesinde amala aşyrylýar. Gatlak basyşy bilen bagly bolan ýagdaýlar guýulary düýpli abatlaýyş işlerinde, esasan, guýynyň düýpýaka zolagyny berkitmek we guýularda gatlak suwlaryny çäklendirmek işlerinde, şeýle hem guýynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly düýpýaka zolagyna täsir etmek işlerinde özüniň täsirini ýetirýär. Haçan-da, gatlak basyşy ýokary bolanda (täze nebitgazly ýataklarda) guýularda geçirilýän düýpli abatlaýyş işlerinde peýdalanylýan himiki serişdeleri gatlaga itekläp goýbermekde tehnologik kynçylyklar döreýär. Hatda kähalatlarda anomal (adaty däl) ýokary gatlak basyşly gatlaklarda himiki serişdeleri gatlaga itekläp goýbermek asla mümkin hem bolmaýar. Emma, onuň tersine, gatlak basyşy pes bolan ýagdaýynda bolsa gatlaga goýberilýän himiki serişdeleriň ýuwudylmasy (özüne sorup alma ýagdaýy) bolup geçýär. Şeýle ýagdaýda, köplenç, geçirilýän işiň netijesi bolmaýar.