Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» XXX halkara sergisi açyldy
18:09 22.10.2025 5369
22-nji oktýabrda irden Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) halkara forumy öz işine başlady.
Sergä 100-den gowrak kompaniýa, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary gatnaşýarlar.
30 ýyl bäri geçirilýän bu sergi «Türkmenistanyň nebiti we gazy» ady bilen nebitgaz we energetika ugrundaky öňdebaryjy hünärmenleriň duşuşýan esasy meýdançasy hökmünde tanalýar. Bu ýerde hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklar, Ähtnamalar we şertnamalar baglaşylýar. Maslahatyň we serginiň gatnaşyjylarynyň hatarynda dünýäniň iri nebitgaz we energetika kompaniýalary bar.
Bu gezekki sergä ýygnanan köp sanly myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen gutlagyny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Döwlet Baştutany bu forumuň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki möhüm ornuny nygtady.
“Şu ýyl 30-njy gezek ýokary derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany belleýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň durnukly ösýän ykdysadyýeti daşary ýurt işewürlerinde ynamy berkidip, geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmäge islegleri artdyrýar.
Sergide ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna degişli kärhanalaryň diwarlyklary giňden görkezilýär.
Öz pawilýonlaryny «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy görkezýärler. Olar öz iş ugurlary, üstünlikleri we öndürijilikde gazanan sepgitleri barada giň maglumat hödürleýärler.
Sergide şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Türkmenistanyñ Halkara nebiti we gazy uniwersiteti öz diwarlygyny görkezdi.
Bu ýerde daşary ýurt kompaniýalary hem giň derejede orun aldylar — olaryň arasynda Türkmenistan bilen köp ýyllap hyzmatdaşlyk edýän hem-de ýurdumyza ilkinji gezek gelen kompaniýalar bar. Şolaryň hatarynda Rönesans, Dragon Oil, CNPC, Petronas we beýlekiler bar.
22-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda maslahat öz işine başlady. Onda esasy üns daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hem-de dünýä energetika ulgamyndaky täzelikler bilen bagly meseleleriň seljerilmegine gönükdiriler. Ekologiýa, täzelenýän energiýa çeşmeleri we wodorod tehnologiýalary boýunça umumy mejlisleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Forum «Energiýa. Täzeleniş. Ösüş» diýen şygar bilen geçýär. Esasy mowzuk bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä energetikasynyň geljegini emele getirýäris — innowasiýalar, energiýa geçişi we strategik hyzmatdaşlyk» görnüşinde beýan edilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýän bu halkara maslahata 70 ýurtdan 1400-den gowrak wekiliň gatnaşýandygy bellenilýär.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.