Aşgabatda OGT 2025 halkara maslahaty öz işine başlady
19:56 22.10.2025 3926
Aşgabatda günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT-2025) atly halkara maslahat öz işine başlady. Maslahatyň açylyş dabarasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda — dünýä energetikasynyň geljegini emele getirmek» diýen şygar astynda geçirildi.
Umumy mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çykyş etdi. Ol häzirki forumyň maýa goýum taslamalary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belläp, türkmen tarapynyň täze taslamalary amala aşyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk tekliplerini ara alyp maslahatlaşmaga taýyndygyny nygtady.
Wise-premýer çykyşynda belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän uzak möhletli strategik ugruň baş maksady ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekdir. Şol strategiýa laýyklykda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny, şol sanda nebitgaz pudagyny hem öz içine alýan döwlet maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Foruma ýurduň ýangyç-energetika, himiýa, maliýe we bank ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny giňeltmek, hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak baradaky ýokary gyzyklanmasyny görkezýär.
Batyr Amanowyň belleýşi ýaly, bu ýylky maslahata 70-den gowrak döwletiň wekilleriniň gatnaşmagy onuň halkara derejesiniň ýylsaýyn giňelýändiginiň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara maýadarlary üçin özüne çekijiliginiň artýandygynyň subutnamasydyr. Bu ýagdaý Açyk gapylar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we deňhukukly, özara bähbitli halkara gatnaşyklarynyň esasynda döredilen amatly syýasy, ykdysady hem-de hukuk binýadynyň netijesidir.
Wise-premýer döwletimiziň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, daşary ýurt maýadarlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýtdy.
Batyr Amanow nebitgaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny hem belläp geçdi. Şolaryň hatarynda TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk; Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryny özleşdirmekde daşary ýurt maýasyny çekmek; ylmy-barlag işlerini ösdürmek we gaz üçin ýerasty ammarlary döretmek taslamalary bar.
Şeýle hem ulanylan känleriň çuňlaşdyrylyp özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede gaýtadan işlemek, seýsmiki we geologik barlaglary geçirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de tejribe alyşmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.
Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer ähli gyzyklanýan taraplary ýurdumyzyň geljekki döwürde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy hem-de halkara maslahata üstünlik arzuw etdi.
Umumy mejlisde çykyş edenleriň hatarynda Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow, ENOC we Dragon Oil kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Said Mohammed Al Taýer, Halkara Gaz Birleşiginiň prezidenti Andrea Steiger, PETRONAS-nyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, şeýle hem beýleki iri halkara energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.
Umumy mejlisiň esasy temasy energetika pudagynyň geljegini kesgitleýän global ugurlar — dekarbonizasiýa, tehnologik innowasiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi boldy.
Türkmenistan bu ugurda dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça 4-nji orunda durýar, onuň gaz gorlarynyň möçberi 50 trillion kub metre barabardyr.
Forumyň dowamynda energetika infrastrukturasyndaky döwrebaplaşdyrylmalar, eksport ugurlaryny giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Maslahatyň maksady maýa goýumlary çekmek we sebitiň global energetika ulgamyndaky ornuny berkitmekden ybaratdyr.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.