Türkmenistan Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

09:51 01.02.2021 8679

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1549/original-16013b84195b72.jpeg

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-inde «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» ýapon kompaniýasynyň Prezidenti jenap T.Watanabe bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn hyzmatdaşlygyny belläp geçdiler, şonuň ýaly-da özarabähbitli gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler. Türkmenistan ýapon tarapynyň gatnaşmagynda giň göwrümli taslamalary durmuşa geçirýär we geljekde hem bu oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge meýillidir.   

Mälim bolşy ýaly, tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän senagat toplumy ýurdumyzyň Ahal welaýatynda 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda işe girizildi. Türkmen wekiliýetiniň wekilleri ýapon tarapynyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna, şeýle hem onuň bökdençsiz işiniň guramaçylygyna işjeň gatnaşandygyna ýokary baha berdiler. Ýapon tarapy ýokarda agzalan senagat maksatly desganyň gurluşygyna gatnaşmaga bildiren ynamy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan etdi.

Mundan başga-da, duşuşykda dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlary, şol sanda Ýapon halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) bilen özara hereketleriň işjeňleşdirmek arkaly bilelikdäki maýa goýum meselelerine hem seredilip geçildi.

Başga makalalar
1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.