Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09:43 01.02.2021 26616
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 21 million 248 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, polipropilen haltalary we polipropilen plýonkasyny, şeýle hem el haly işlerini, pagta süýümini, plastik önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 105 million 29 müň manatlykdan gowrak boldy.
Maksatlar bir bolanda
Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Bu bolsa gymmatly önümleriň çykarylyşyny, olaryň içerki we daşarky bazarlara ugradylýan möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Gazanylýan üstünlige «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Lebap meýdançasyndaky önümçilik-tehnologik gullugynyň agzybir we başarjaň hünärmenleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Maksada okgunly işler
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkeziniň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» her bir iş gününi zähmet rowaçlyklaryna besleýärler. Munuň şeýledigine müdirligiň işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ilkinji aýynyň üstünlikli jemlenmegi hem doly güwä geçýär.
Zähmet gadamlary batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan ýokary netijede gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde zähmet çekýän edermen gazçylaryň mynasyp paýy bar.
Zawodlar toplumynyň täze önümi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we hilini ýokarlandyryp, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan hem-de dünýäniň ösen ölçeglerine gabat getirmekden, şeýle-de daşky gurşawy goramaga we ekologiýany arassa saklamaga gönükdirilen halkara talaplaryny doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Tebigy gaz eşret berýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde-de ilatyň sany artyp, täze ilatly ýerler emele gelýär. Munuň özi ilaty tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin täze gaz geçirijilerini gurmak, ozalky hereket edýän gaz geçirijileriň durkuny täzelemek wezipesini öňde goýýar.