Türkmenistanyň DIM-nde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk maslahatlaşyldy

10:38 22.11.2025 2622

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15686/original-1691ffbd64f0c4.jpg

20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bekiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berilýär.

Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alyp barýan işlerini bellemek bilen, taraplar dürli ugurlarda alnyp barylýan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem diplomatlar Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Başga makalalar
16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.