«Ýaşyl» ykdysadyýet we ekologik başlangyçlar
09:10 25.11.2025 2273
Häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesine düýpli orun berilýär. Biziň ýurdumyzda bu ählumumy mesele öz içerki başlangyçlarymyz bilen bir hatarda dünýä döwletleriniň we ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň tejribesi we hyzmatdaşlyk esasynda çözülýär. Mälim bolşy ýaly, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň hökmany şertidir. Ylmyň we tehnikanyň günsaýyn ösýän XXI asyrynda ilatyň ähli gatlaklarynyň daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga we täzeden dikeltmäge gyzyklanmasy barha artýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ekologik taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
«Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, ekologik taýdan arassa energiýany almak, daşky gurşawy goramakda innowasion çözgütlerden peýdalanmak ekologiýa syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Munda, ilki bilen, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek babatyndaky çärelere uly üns berilýär. Ähli okuw mekdeplerinde ekologiýa dersleri girizildi. Şeýle-de geljekde ekologiýa abadançylygyny üpjün etjek we alternatiw energiýadan baş çykarjak ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ekologiýa fakultetleri açyldy.
«Ýaşyl» ykdysadyýete geçmekde ekoinnowasiýalary giňden ulanmak möhümdir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ekologik taýdan arassa ulaglara geçilýär, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, gurulýan we hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň zyýanly zyňyndylary azaldylýar we howanyň düzümine gözegçilik ýokarlandyrylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, jemgyýetimiziň ruhy, medeni galkynyşyna giň ýollar açyldy. Tebigaty, ilatyň saglygyny, biologik dürlüligi goramak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini hormatly Prezidentimiz hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabadyň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, gojaman Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy we ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi daşky gurşawy goramak meselesine milli derejede uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwrebap meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Köpetdagyň eteginde giň göwrümli tokaý-seýilgäh zolagy döredildi. Aşgabatda we welaýatlarda agyz suwuny arassalamak boýunça kärhanalaryň ençemesi işe girizildi.
Şäherlerimizde we welaýatlarymyzda ekologik taýdan arassa ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar gurulýar. Her bir gurulýan desganyň ekoulgama täsiri içgin öwrenilýär. Oňa seýilgäh gurluşygy hem mysal bolup biler. Seýilgähler sözüň doly manysynda halkyň dynç almagy üçin döredilýän zolak bolmak bilen birlikde, daşky gurşawyň arassaçylygy babatda hem möhüm ähmiýetlidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sentýabr aýynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» seýilgähi doly döwrebaplaşdyrylyp ulanylmaga berildi. Öň seýilbag hökmünde bar hem bolsa abadançylyk we gurluşyk işleri doly geçirilenden soň, şäheriň bu merkezi bölegi iň bir göze gelüwli owadan nokatlaryň birine, çagalaryň we ulularyň köp barýan, dynç alýan ýerine öwrüldi. Täze, döwrebap seýilgähiň töweregi bilen bilelikde abadanlaşdyrylandygyny, netijede, ilatyň durmuş şertlerine oňyn täsiriniň bolandygyny bellemelidir.
Şeýle mysallaryň ýene-de biri hökmünde paýtagtymyzdaky Daşkent seýilgähini görkezmek bolar. Bu seýilgäh türkmen-özbek gatnaşyklarynyň berkligini aňladyp, ekologiýa talaplaryna doly laýyk getirilip döwrebaplaşdyrylandyr. Ekopark hökmünde tanalýan bu seýilgäh häzirki wagtda halkymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň uly höwes bilen barýan ýerleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem Watanymyzda, sebitde ilkinji «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan, döwrebap, «akylly» Arkadag şäheri bina edildi. Täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda hem öňdebaryjy, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, arassa tehnologiýalar ulanylýar. Arkadag şäherinde hereket edýän tehnikalar we tehnologiýalar sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamyna esaslanýar. Bu ýerde Türkmenistanyň ekologik başlangyçlaryny we gazanan üstünliklerini görmek bolýar.
«Ýaşyl» ykdysadyýete geçmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda olaryň mümkinçilikleri giňden öwrenilýär we täze taslamalaryň üstünde işlenilýär. Ýurdumyzyň howa we geografik şertlerine laýyklykda, Günden we ýelden energiýa almaklygyň ylmy esaslary işlenip düzülýär. Gün stansiýalaryny we elektrik beketlerini ulanmak boýunça tejribeler toplanýar. Alternatiw energiýa çeşmeleri daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirmek bilen bir hatarda howanyň arassalygyny üpjün edýär. Bu ugurda nebitgaz senagatynda wodorod energetikasynyň geljegi uly hasaplanýar. Döwletimizde wodorod energetikasynyň ýetirýän täsiri babatynda derňew-barlag işleri geçirilýär. Täze energiýa çeşmesini ýola goýmak boýunça alymlarymyzyň gatnaşmagynda halkara maslahatlar we duşuşyklar guralýar.
Şeýle görnüşde ýerine ýetirilýän işler ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmeklige we arassa howa gurşawyny saklamaga gönükdirilip, sebitde we tutuş dünýäde uly netijeleri gazanmaga ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynda tebigaty goramagyň ynsanperwerleşdirilmegini ýokarlandyrmak häsiýetlidir. Şunda adam durmuşynyň we saglygynyň hökmany şerti hökmünde daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmek öňe çykarylýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, ilkinji nobatda, ynsan saglygyny goramaklyga, onuň ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün etmeklige gönükdirilendigini tassyklaýar.
Ejekeýik KURBANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Ýazmyradowiç Hydyrow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory wezipesine bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşygynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy
Duşenbe güni Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.
«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän ýylda gaz paýlaýjy desgalaryna ýokary hilli ideg etmegi, Daşoguz welaýatynyň ilatly nokatlary, senagat, oba hojalyk we jemagat-hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi dowam edýärler.
Köýtendag kän müdirligi Türkmenistanda iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýär
Lebap welaýatynda sebitiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen köpugurly senagat merkezi döredilýär. Ýurtdaky iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýän esasy kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.