Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
12:14 12.12.2025 2126
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň milli ýoluny saýlap alyp, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşiginiň örän ýokary syýasy goldawy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bitaraplyk Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen ýurdumyza daşary syýasat strategiýasy boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýän we jebisleşdirýän başlangyçlary öňe sürmek hem-de durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Uzak bolmadyk döwürde eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna şan-şöhratly sahypalar ýazylyp, Bitarap ýurdumyz dünýäde ygtybarly hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halkara başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistan birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de bu guramanyň düzümlerine agzalyga saýlandy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan hem-de umumadamzat gymmatlygyna öwrülen Bitaraplyk ýörelgelerine, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer, parahatçylyk hem-de ynanyşmak syýasatyny rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr. Bularyň ählisi biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň saýlap alan ýolunyň dogrudygyny, onuň bütin dünýä üçin ähmiýetiniň örän uludygyny ýene-de bir gezek tassyk edýär.
Hormatly adamlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbidine durmuşa geçirýäris. Daşary syýasat strategiýamyza laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi hem-de bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi parahatçylyk, dost-doganlyk hem-de hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarydygyny, Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň tutuş dünýä bileleşigi üçin hem örän uludygyny tassyklaýan taryhy wakalardyr.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň binýadynyň baş sütünleridir, ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, Bitarap ýurdumyzyň iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Mähriban halkymyzyň gurujylyk we döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşygyny depginli dowam etdirýäris, iri senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döredýäris. Bütin dünýäde abadançylygyň hem-de bagtyýarlygyň bähbidine gönükdirilen bu işler Bitarap Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ykrar etdirip, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem bütin dünýäde giňden dabaralandyrylýan taryhy ähmiýetli baýram — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagtyýarlyk, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy has-da belende galsyn!
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Ýazmyradowiç Hydyrow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory wezipesine bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşygynda saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny tanyşdyrdy
Duşenbe güni Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.
«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän ýylda gaz paýlaýjy desgalaryna ýokary hilli ideg etmegi, Daşoguz welaýatynyň ilatly nokatlary, senagat, oba hojalyk we jemagat-hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi dowam edýärler.
Köýtendag kän müdirligi Türkmenistanda iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýär
Lebap welaýatynda sebitiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen köpugurly senagat merkezi döredilýär. Ýurtdaky iri taslamalary gurluşyk materiallary bilen üpjün edýän esasy kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.