Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy hakynda birnäçe resminamalara gol çekildi

22:32 20.12.2025 4956

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15895/original-1694673dc7a837.jpg

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Sumitomo Corporation Europe Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi Corporation Machinery, Inc.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «Mizuho Bank, Ltd.» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda talyplary alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryny amala aşyrmak möhletini uzaltmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçiligini ygtybarly ýola goýmak işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy doly taýýar edip gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Başga makalalar
16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.