«Taliban» hereketi TOPH we Owganystanda beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişini goldady
10:06 09.02.2021 6532
«Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ýokarda görkezilen infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň prosesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 6-njy fewralda Türkmenistanyň DIM-inde «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler, diýip DIM belläp geçýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halkyna ähmiýetli goldaw berýändigi, ilkinji nobatda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary ýaly wajyp strategiki ugurlarda owgan ykdysadyýetiniň ösüşine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.
«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisi, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollar agzalan ulgamlardaky möhüm taslamalar bolup durýandyr.
Gepleşikleriň jemleri boýunça owgan wekiliýeti metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdi we žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
— TOPH, TOP ýaly taslamalaryň, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we onuň ykdysady taýdan ösüşine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsizdir, diýip Mohammad Suhail Şahin, «Таliban» hereketiniň Syýasy edarasynyň we Gepleşikler toparynyň wekili metbugat maslahatynda beýan etdi.
— Bir tarapdan, biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygy ugrunda göreş dowam edýän wagtynda, biz beýleki tarapdan döwletimiziň çäginde durmuşa geçirilýän ähli milli taslamalaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly, halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşmaklyga çalyşýarys – diýip ol aýtdy.
— Şunuň bilen baglylykda, «Таliban» Hereketi hökmünde, biz ýurdumyzda TOPH we beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegini doly goldaýandygymyzy beýan edýäris – diýip, «Taliban» hereketiniň wekili aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.