«Nebitgazçykaryş» tresti 2025-nji ýylyň 11 aýynyň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi
12:41 07.01.2026 3855
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» tresti 2025-nji ýylyň 11 aýynda takmynan 3 million 684 müň 540 tonna nebit çykaryp, meýilnama görkezijilerini 9 göterim artygy bilen berjaý etdi. Tebigy gaz çykarmagyň möçberi bolsa 4 milliard 218 million 600 müň kub metrden geçip, bu ugurda meýilnama 166,92 göterim ýerine ýetirildi.
Konserniň Balkan welaýatynda ýerleşýän önümçilik kärhanalary ýokary zähmet görkezijilerine eýe boldular. «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine «Nebitgazçykaryş» trestinden başga-da, «Nebitgazburawlaýyş» we «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestleri girýär.
Gazanylan netijelere «Goturdepenebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Keýmir», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleri, şeýle hem «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi uly goşant goşdular diýip, turkmennebit.gov.tm saýty habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.