Energetika we ulag-üstaşyr ulgamlary – Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
16:07 30.01.2026 2736
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň 2026-njy ýylda guramadaky başlyklygy barada durup geçmek bilen, ýurduň geografik ýerleşişiniň ykdysady meseleleriň, şol sanda üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýetini kesgitleýändigini nygtady. Bu barada Sergeý Lebedew 29-njy ýanwarda Minsk şäherinde Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilen GDA-nyň agza döwletleriniň doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisinde mälim etdi.
Sergeý Lebedew Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky başlyklyk Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamyny hem agzap geçdi we Türkmenistanyň nebitgaz serişdeleriniň möhüm üpjünçisi hökmündäki ornuna ünsi çekdi.
Mejlisde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew çykyş edip, ýurduň Arkalaşykdaky başlyklygyna hemişelik bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň dowamy hökmünde seredilýändigini belledi.
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazar deňziniň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Bu barada turkmennebit.gov.tm saýty habar berýär.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.