Ýanwar aýynda dünýä boýunça nebit ibermeleri 590 müň b/g ýokarlandy — HEA

22:05 11.02.2021 5674

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1624/original-160255b1881480.jpeg

Dünýä boýunça nebit ibermeleri ýanwar aýynda günde 590 müň barrele çenli artyp, ýanwarda 93,6 mln barrele ýetdi. OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjylaryň nebit çykarmaklygyny çäklendirmeginiň gowşamagy, ylalaşyga girmeýän döwletleriň bolsa, önümçiligi artdyrmagy muňa sebäp boldy, diýip Halkara energetika agentliginiň hasabatynda aýdylýar. Bu barada INTERFAKS habar berýär.

HEA-nyň çaklamalaryna görä, fewral aýynda dünýä boýunça nebit önümçiligi aşaklar, çünki Saud Arabystany nebit çykarylyşyny meýletin esasda düýpli möçberde çäklendirer. «OPEC+ ylalaşygyna girmeýän döwletler üçin mümkinçilikler açylýar: 2020-nji ýylda 1,3 mln b/g ýitgi bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda 830 müň b/g artmagyna garaşylýar” – diýip agentlik ýazýar.

HEA-nyň çaklamagyna görä, OPEC+ ýurtlary ikinji çärýekde nebit çykarylyşyny çäklendirmekligi yzygiderli gowşadarlar — nebit çykarylyşynyň aşaklamasy 5,8 mln b/g deň bolar (2018-nji ýylyň oktýabryndaky nebit çykarylyş bilen deňeşdirilende). HEA-nyň hasaplamalaryna görä, bu ýagdaýda OPEC+ ýurtlarynda nebit çykarylyşy şu ýylda 800 müň b/g töweregi ýokarlanar.

Başga makalalar
1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.