Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy

16:23 07.02.2026 2683

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/16258/original-1698720c0a7a82.jpg

7-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýändigini, onuň netijeli işini gazanmakda maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny hem-de pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, geologik-gözleg işleri, sanly tehnologiýalary, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ulgamda ylmy-innowasion täzelikleri öwrenmegiň, möhüm çärelere, şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, hünärmenleriň iş tejribelerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.

Wise-premýer Batyr Amanow pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.

Başga makalalar
16507de0898dda.jpg
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär

Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16507f2f4ab219.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.