Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda işleriniň jemlerine seredildi

12:31 16.02.2021 4447

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1642/original-1602a0e9c45be0.jpeg

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde seljerildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylda ýylda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy –101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmekde 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişinde 102,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmekde bolsa 116,7 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem “mawy ýangyjy” eksport etmegiň we özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary barada hasabat berildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 115,9 göterim, “mawy ýangyjyň” eksportynyň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň meýilnamasy 131,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
1650968538ff1e.jpg
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650967ab62bb5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.


16509680179a85.jpg
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1650a9e6e567b0.jpg
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana ugrady.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.