Ýangyç-energetika toplumynyň önümleri birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýerlenildi
11:39 25.02.2026 298
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine bugdaý uny, aşgarlanmadyk matasy, erkek kişilere niýetlenilen lybaslar, nah ýüplük we pagta süýümi, dolanylyp gaplanylan pagta pamygy, portlandsement, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 48 million 506 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, bugdaý ununy satyn aldylar.
Türkmenistanyň ýaşululary Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesini ýaş ýolbaşça bermek kararyny goldadylar
Anna güni geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentlik wezipesini ýaşlara berip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde galmak kararyna gelendigini habar berdi.
AZCHEMCO azerbaýjan kompaniýasy Türkmenistanda suwuk dökünleriň we agrohimikatlaryň önümçiligini ýola goýmaga taýýar
Bu barada AZCHEMCO holding kompaniýasynyň wise-başlygy Rifat Sultan-zade “Uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamagyň energetiki mümkinçilikleri, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly (TESC 2024) Aşgabatda iýunyň birinji on günlüginde geçirilen Halkara maslahatynda belledi. Söhbetdeşligi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.
«Türkmengaz» DK-nyň önümçilik desgalarynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdirilýär
Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk başlandy
Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryna taýýarlyk işleri başlandy
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 14-nji fewraldan Türkmenistanyň Prezidenti nobatdan daşary saýlawlaryna taýýarlyk işlerine başlady.