TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara “Türkmengaz” we “Türkmennebit” DK-nyň önümleri ýerlenildi
13:05 26.03.2026 2493
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine dokma önümleri, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, boýalan we jins matalar ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 26 million 251 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit” döwlet konserni) satyn aldylar.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.