Yslamabatda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
22:32 11.04.2026 1735
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Lahoryň söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlara edaranyň Baş sekretary Şahid Halil ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda Lahoryň söwda-senagat edarasynyň wekilleri iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Türkmenistanyň ilçihanasy bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Öz gezeginde, türkmen tarapy Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler barada maglumat berdi. Bu özgertmeler daşary söwda gatnaşyklarynyň ösmegine güýçli itergi berýär we ýurduň dünýä ykdysady giňişligine has çuňňur goşulyşmagyna ýardam edýär.
Şunlukda, tebigy gazyň ätiýaçlyklaryna, şeýle hem nebit önümleriniň, dokma we oba hojalyk harytlarynyň eksportyna esaslanýan ýurduň barha artýan söwda-eksport mümkinçilikleri bellenilip geçildi.
Şeýle-de, şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen we adatça dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe işewürleri jemleýän halkara işewürlik-forumlara aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli söwdany giňeltmegiň ýollaryny tapmaga we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki forumlara hem-de sergilere işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu barada THP habarlar portaly habar berýär.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.