Türkmenistanyň günorta-gündogarynda “Galkynyş” känini özleşdirmegiň IV tapgyry badalga aldy

13:42 19.04.2026 217

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/16747/original-169e3158cc5ab1.jpg

17-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Dabara Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käninde geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýolugra halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezilýär. Tehnologik ulgamlaryň her biri çig maly kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki kükürdi öndürýän desgalardan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde guýulary burawlamakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Bu enjamlar buraw guýularynyň giňişlikde takyk ýerleşişini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde satyn alnan döwrebap geofiziki abzallar görkezilýär. Olar “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda geofiziki işler geçirilende ulanylar. Şeýle hem sergide 3D robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy we dürli himiki serişdeler görkezilýär.

“Özara gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Hytaý bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda nygtady.

Bellenilişi ýaly, 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamynyň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

“Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Lider sözüni dowam etdi.

Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler.

Din Sýuesýan şu gün badalga berilýän bu möhüm taslamanyň iki ýurduň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigini hem-de tebigy gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.

Türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Uzak möhletleýin geljekde bu taslama ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.

Başga makalalar
164c74d1484a92.jpg
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


164c89dd5a9a5b.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


164c89d8058f2d.jpg
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


164ca036baab9d.jpg
Türkmenistan bilen Hytaýyň haryt dolanyşygy birinji ýarym ýylda 12,3% artdy

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 12,3% artdy. Ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi $5,55 mlrd deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.


164c75457e8d5f.jpg
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.