Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Malaýziýanyň ilçisi nebitgaz ulgamynda uly iş tejribelerini nygtadylar
11:58 29.04.2026 2217
27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýandygy nygtaldy.
Diplomatlar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassykladylar. Türkmen talyplarynyň ýüzlerçesi Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde «Petronas» Tehnologik uniwersiteti bilen netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şeýle hem, türkmen hünärmenleri Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça okuw maslahatlaryna we seminarlaryna gatnaşýarlar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar öňde boljak ýokary döwlet we hökümet derejesindäki duşuşyklar bilen bagly meselelere seretdiler.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.