Ýagşygeldi Kakaýewiň ýadygärligi ebedileşdirildi
10:24 25.02.2021 6072
Mukaddes garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan eziz Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, ýaşlary ata-babalarymyzyň milli däplerine laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar.
Garaşsyz bitarap döwletimiziň taryhynda öçmejek yz galdyran adamlaryň ýadygärligini ebedileşdirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Türkmen milli konserwatoriýa Maýa Kulyýewanyň ady dakylan bolsa, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Garryýewiň ady dakyldy.
Ynha indi bolsa, ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda Halkara nebit we gaz uniwersitetine ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge uly goşant goşan watandaşymyz, görnükli döwlet işgäri Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu şanly waka bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi, oňa professor-mugallymlar düzümi we myhmanlar – dürli ýyllarda Ý. Kakaýew bilen bile işlän adamlar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnanalar Ýagşygeldi Kakaýewiň döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlary barada aýtmak bilen, onuň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we pudagyň halkara energetika ulgamyna goşulmagyna, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň artmagyna uly goşant goşandygyny bellediler.
Ý.Kakaýew köp ýyllaryň dowamynda nebitgaz pudagy üçin ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga işjeň gatnaşdy we häzirki ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup hyzmat eder.
Ýagşygeldi Ylýasowiç öz işinde hemişe bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini öňdäki orunda goýup, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen syýasatyny işjeň wagyz etdi.
Biziň soňky bilelikdäki iş saparymyz geçen ýyl Dubaý şäherine bolupdy, ol ýerde 24-25-nji fewralda Watanymyzyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “TOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gazgeçirijisi” atly halkara maslahat hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek meselesine bagyşlanan halkara forumy üstünlikli geçirildi.
Şol çärelere gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň iri işewürlik we maliýe merkezine dünýäniň 40-a golaý ýurdundan iri nebitgaz, hyzmat ediş we maslahat beriş kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 100-den gowragynyň wekilleri geldiler. Ýagşygeldi Kakaýew daşary ýurtlara saparlarynyň hemmesinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda eýe bolan kuwwaty bilen ýokary ussatlyk derejesinde giňden tanyşdyrypdy.
Ýagşygeldi Kakaýewiň dünýä işewürliginiň wekillerini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary we senagat kuwwaty, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri energetika taslamalary, nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin bellenilen meýilnamalar we taslamalar bilen tanyşdyrýan pursatlalryny synlamak bilen men hemişe onuň öz Watanyna bolan ägirt uly söýgüsine, işine bolan wepalylygyna haýran galýardym.
Ýagşygeldi Kakaýewiň geçiren tanyşdyryş dabaralary, geljekki hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary ykdysady we syýasy durnuklylygy bilen tapawutlanýan ýurdumyza bolan uly gyzyklanmany döredýärdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyna laýyklykda Türkmenistanda daşary ýurtly maýadarlar üçin döwlet kepillikli möhüm kanunçylyk binýady döredildi.
Mälim bolşy ýaly, Ý.Kakaýew 2008 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet agentliginiň direktory bolup işledi. Şol ýyllarda onuň üstüne daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek wezipesi ýüklenipdi. Häzir dünýäniň nebitgaz işewürleri tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanma günsaýyn artýar. Ýurdumyzyň energetika pudagynda iri nebitgaz kompaniýalarynyň ençemesi üstünlikli işleýär.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň gurluşyny kemala getirmäge, tutuş adamzat üçin derwaýys bolan meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçiren Ý.Kakaýewiň hyzmaty az däldir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy. Ol çeken tutanýerli zähmeti üçin ençeme döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.
Watanyna wepaly hyzmat eden Ýagşygeldi Kakaýewiň ýagty ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi ähli türkmenistanlylarda guwanç duýgusyny döretdi.
Ussa Ussaýew,
"Nebit-gaz" gazetiniň baş redaktory.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressi bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen IPC-niň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
AZCHEMCO azerbaýjan kompaniýasy Türkmenistanda suwuk dökünleriň we agrohimikatlaryň önümçiligini ýola goýmaga taýýar
Bu barada AZCHEMCO holding kompaniýasynyň wise-başlygy Rifat Sultan-zade “Uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamagyň energetiki mümkinçilikleri, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly (TESC 2024) Aşgabatda iýunyň birinji on günlüginde geçirilen Halkara maslahatynda belledi. Söhbetdeşligi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.
Gurbanguly Berdimuhamedow: YHG-nyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär
YHG-nyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär. Bu barada Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.