«Sport, sagdynlyk we ruhubelentlik»
13:27 30.05.2026 1436
Şeýle şygar astynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärlerden düzülen ýygyndy toparlaryň arasynda sportuň woleýbol we futbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar şowhunly ýagdaýda dowam etdi. Oňa müdirligiň düzümine girýän «Gazawat» senagat meýdançasynda, Merkezi dolandyryş edarasynda, Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik tejribehanasynda, Jemleýji we üpjün ediji tehniki önümçilik hem-de baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Ýylanly» önümçilik edaralarynda ruhubelent zähmet çekýän işçi-hünärmenler ýokary işjeňlik bilen gatnaşdylar.
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Birleşen kärdeşler arkalaşygy komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlara I derejeli eminler Rozumbaý Waisow we Guwanç Soltanow dagy eminlik etdi. Üç günläp şowhunly we ruhubelent ýagdaýda dowam eden ýaryşlar daşoguzly gazçylaryň sportuň bu görnüşi boýunça ýeterlik baý tejribe toplandyklaryny aýan etdi.
Bu sport mekdebinde futbol boýunça geçirilen ýaryşlar hem çekeleşikli ýagdaýda hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Birnäçe günläp ýokary ruhubelentlik we işjeň ýagdaýda dowam eden futbol ýaryşynyň netijesinde müdirligiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň, Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik tejribehanasynyň we Merkezi dolandyryş edarasynyň işgärlerinden düzülen ýygyndy toparlaryň agzalary has şowly çykyş etmek bilen, degişlilikde, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaryşlaryň ýeňijilerine Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Hormat hatlary hem-de Birleşen kärdeşler arkalaşygy komitetiniň kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.