Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 11.06.2026 - 17.06.2026 aralykda tender yglan edýär

17:36 13.06.2026 502

Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde 2026-2028-nji ýyllarda guýulary burawlamak üçin materiallary satyn almak barada №. CIT-26023-MR belgili Tenderi yglan edýär (1-nji Lot: Oturtma sütünleriň kellelerini, NKT kellelerini, çüwdürim armaturasyny we çüwdürim armaturasynyň şaýlaryny satyn almak; 2-nji Lot: Oturtma turbalary satyn almak; 3-nji Lot: hwostowikleriň asgyçlaryny, spirally yşly filtrli oturtma turbalary we sementlemek üçin esbaplary satyn almak)   

     Şu tenderde 3 Lotyň haýsy-da bolsa biri ýa-da birnäçesi boýunça gatnaşmak üçin islendik gyzyklanma bildirýän kompaniýa şular teklip edilýär:   

1.     Lotyň belgisini we tenderiň adyny, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen tendere gatnaşmak barada resmi taýdan arza bermek;

2.     Tender boýunça resminamalary (ITB) almak üçin pul serişdelerini geçirmek üçin hasap almak. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap Gatnaşyja hat üsti bilen arza iberilende berler.  

3.     Kompaniýanyň wekiliniň pasportynyň göçürmesini, tender resminamalaryny almaga hukuk berýän baş ynanç hatynyň göçürmesini we pul geçiriminiň göçürmesini bermek bilen tender tabşyrykly bukjany almak.

Arzalary bermegiň soňky möhleti habar beriş serişdelerinde çap edilen seneden soň 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda. Bellenilen möhletden giç gelen arzalar kabul edilmez.   

    Tendere gatnaşmagyň şertleri barada anyk maglumatlary almak we arzalary tabşyrmak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:     

       Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, KNNKIT edara binasy , Aşgabat, Türkmenistan

   Habarlaşmaly adam  

   Narine Simonýan

   Tel: (+993-12) 44-54-34

Başga makalalar