“Türkmengaz” döwlet konserni açyk tender yglan edýär: 18.01.2023-28.02.2023
16:51 10.01.2023 3032
Hormatly jenaplar!
“Türkmengaz” döwlet konserni tender toparyň adyndan “Türkmengaz” döwlet konserniniň desgasy - ”Türkmengeofizika” müdirliginiň “Ýörite materiallary saklamak üçin ammarynyň we garawulhananyň daş-töweregini inžener-tehniki gorag serişdeleri bilen üpjün etmek, gurnamak we enjamlaşdyrmak üçin potratçyny saýlap almak boýunça
HALKARA TENDERINI
yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, “Türkmengaz” DK, Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi, 17.24a iş otagy salgysy boýunça:
-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;
ABŞ-nyň 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18.00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Tender teklipleri ýerleşdirilen bukjalar ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly.
Bellik: tendere gatnaşmak üçin resminamalar bukjasy pul serişdeleri hasap belgisine doly geçirilenden soň beriler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 40-32-40; 40-32-50;
faks (+99312) 40-32-59.