«Türkmennebit» DK: 18.06.2026 - 29.07.2026 aralykda açyk halkara tenderini yglan edýär
14:44 19.06.2026 595
Hormatly jenaplar!
«Türkmennebit» DK tender toparynyň adyndan Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin haryt getirijileri (potratçylary), işleri we hyzmatlary bäsleşik (tender) esasynda seçip almak barada №-207 belgili açyk halkara tenderini yglan edýär.
«Türkmennebit»Döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky NGIZT-niň FOXBORO Paýlaýjy dolandyryş ulgamyny (PDU ) hem-de (Lube Oil) çalgy ýaglaryny öndürýän desgalar toplumynyň TRICON awariýa garşy gorag ulgamyny (AGGU) döwrebaplaşdyrmak üçin işleri ýerine ýetirmek boýunça tender tekliplerini işläp taýýarlamak barada
Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil ş., 56-njy jaýy, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça şular teklip edilýär:
· tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (offşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmak, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalary bermek;.
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
· ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde (GSB bilen) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir Lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;
· Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 günüň dowamynda 30-njy iş güni sagat 12.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä galman kabul edilýär.
Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen tekliplere seredilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.
Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen pursatyndan ýokarda görkezilen salgy boýunça berilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-24, 40-39-90 (hatlary ibermek üçin faks 40-39-93, 40-35-11; 40-35-60; 40-35-58 (tehniki sowallar üçin). fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).