Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
17:54 15.07.2026 197
14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikleriň kuwwatly itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we senagat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy jikme-jik seljerildi.
Şeýle hem ylym, bilim we sungat ugurlarynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini öz içine alýan däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi.
Daşary işler ministrleri sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar diýlip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini bellemek gerek. Özara gatnaşyklar uglewodorod serişdeleriniň däp bolan üpjünçiligini, energetika serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, şeýle hem energiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we "ýaşyl" energetika ugurlarynda tejribe alyşmagy öz içine alýar.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň üstaşyr geçirilmegi we üpjün edilmegi durýar.
Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we logistika bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli ýagdaýda iň ýokary döwlet derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýar.
Pekin we Aşgabat arassa energetika we “akylly şäher” ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
16-njy iýulda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekiliýeti Pekindäki Tongfang Co., Ltd. öňdebaryjy hytaý kompaniýasynyň baş edarasynda geçirilen duşuşykda sanly tehnologiýalar, akylly energetika we “akylly şäherler” ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilişi baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň komissary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýnen bilen duşuşygynda aýtdy. Muny TDH ýetirýär.
«Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi: ýanwar-iýul aýlarynda 330,5 müň tonna nebit çykaryldy
Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň iň irki känleriniň birinden 330,5 müň tonna «gara altyny» çykardylar we gaýtadan işlemäge iberdiler. Munuň özi hasabat döwri üçin önümçilik meýilnamasynyň 112% töweregine deňdir.
Türkmenistan we Argentina 2025-nji ýylda bilelikdäki işewürlik- forumyny geçirer
Türkmen tarapy 2025-nji ýylda Aşgabatda Türkmen-argentin işewürlik forumyny gurmagy teklip etdi. Bu barada 3-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky üçünji syýasy geňeşmelerde aýdyldy.
Hazaryň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümi
Şu günlerde Balkanabadyň Hazar şäherçesiniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Gara altyn” çagalar sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärleriň çagalary tomusky dynç alşyny geçirýärler.