Türkmenistan YHG başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny taýýarlady
16:13 02.03.2021 6768
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylda Türkmenistan YHG-ä başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Şolaryň hatarynda YHG-ä agza ýurtlarynda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar. Şunda, adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara ýük dolanyşygyny üpjün etmek, durnukly energetika babatda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur hasaplanylýar.
Mundan başga-da, YHG-ä agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, sport ugurlarynda, şol sanda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde ylmy barlaglary işjeňleşdirmek, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde özara gatnaşyklary giňeltmek işlerine doly derejede goldaw bermek hem-de olary höweslendirmek möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Konsepsiýada Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bu wezipeleri çözmek we ýurdumyzyň YHG-niň çäklerindäki işini işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda YHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we YHG-niň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Döwlet Baştutany YHG-niň köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika pudaklarynda, işewür gatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata eýedigini belledi. Hyzmatdaşlygyň täze netijeli guralyny we görnüşlerini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän Türkmenistan häzirki ýagdaýa hem-de geljekki ösüşe laýyklykda, bu ugur boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.
Belläp geçsek, geçen hepdede Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda «2021-nji ýylyň 4-nji martynda geçiriljek sammitiň barşynda YHG başlyklyk etmek döwrüniň Türkiýeden dostlukly hem doganlyk Türkmenistana geçiriljekdigini» belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.