Türkmen hünärmenleri Germaniýada «ýaşyl» tehnologiýalar ugry boýunça tejribelik geçýärler

12:00 07.08.2026 679

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/17544/original-16a758292f2fdb.jpg

Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) strategik taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde (Germaniýa Federatiw Respublikasy) halkara ylmy-barlag tejribeligini geçýärler. Maksatnama şu ýylyň 25-nji iýulyndan 16-njy awgusty aralygynda amala aşyrylýar we gaýtadan dikeldilýän energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de senagata emeli intellekti ornaşdyrmak babatda häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmäge gönükdirilendir.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň wekilleri, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmenleri girdi.

Üç hepdelik maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar emeli aňyň we maşyn öwrenişiniň esaslaryny, maglumatlary işläp taýýarlamagyň hem-de derňemegiň usullaryny, neýron ulgamlaryny gurmagy we senagat önümçiliginde sanly tehnologiýalary ulanmagyň amaly taraplaryny öwrenýärler. Nebitgaz guýularynyň bitewiligini üpjün etmek, ugrukdyrylan burawlaýyş tehnologiýalary, metan syzmalaryny ýüze çykarmak, şeýle hem fotoelektrik desgalarynyň netijeliligini çaklamak üçin emeli aňyň algoritmlerini ulanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Maksatnamanyň çäklerinde Germaniýanyň iri senagat kärhanalaryna, şol sanda kükürtli gazy gaýtadan işleýän zawoda we gaýtadan dikeldilýän energetika desgalaryna baryp görmek hem göz öňünde tutulýar. Alnan bilimleri we amaly tejribäni Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bilim we ylmy-barlag işinde ulanmak meýilleşdirilýär.

Şeýle halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň ösmegine, energetika pudagyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş babatdaky strategik maksatlaryna ýetmegine ýardam edýär (https://turkmennebit.gov.tm)

Başga makalalar
168907b6212a22.jpg
BMG-niň Baş sekretary halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.


1650144cb1deef.png
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.


16710c4c94d93e.jpg
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar

Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.