Daşoguz welaýatynyň gaz geçirijilerine bökdençsiz hyzmat edilýär
20:02 26.03.2021 8139
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «S.Türkmenbaşyetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň zähmetkeşleri sarp ediş nokatlarynda tebigy gazdan tygşytly we howpsuz peýdalanmak boýunça bellenilen işleri guramaçylykly alyp barýarlar.
Etrabyň ilatyny, senagat, oba hojalyk we jemagat hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda bu edara 21 müň 600 sany ýaşaýyş jaýlaryna hyzmat edýär. Kärhananyň hünärmenleri tebigy gazdan rejeli hem howpsuz peýdalanmak boýunça ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler.
Geçen ýylda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri tarapyndan geňeşlikleriň obalaryny gaz bilen üpjün etmek boýunça işler ýerine ýetirildi. Gaz geçirijileriň uzynlygy müňlerçe kilometre ýetýär. Olaryň gurluşygynda 159 mm diametrli turbalar ulanyldy.
Şeýle hem gaz hojalyk kärhanasynda desgalara we gaz üpjünçilik torlaryna hyzmat etmek üçin dispetçer gullugy hereket edýär. Sargytlar boýunça baryp hyzmat etmek üçin zerur bolan enjamlar we gurallar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen awtomobiller ulanylýar.
Talaplara laýyklykda, umumy uzynlygy 2 müň 440 km bolan ýokary, orta we aşak basyşly gaz geçirijilerine we 670-den gowrak gaz sazlaýjy we gaz paýlaýjy torlara hyzmat we gözegçilik amala aşyrylýar.
Gazanylan netijeler ilaty tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde gazçylaryň sazlaşykly işiniň netijesidir.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.