Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi
10:23 30.03.2021 9657
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.
Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanunçykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitledi. Kanunçykaryjy edaranyň Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan iki palataly düzüminiň döredilmegi dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna kybap gelýär.
Saýlawlar göni däl saýlaw hukugy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi.
Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy, ýagny saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bäsleşik esasynda geçirildi — ýurdumyz boýunça Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärleriň 112-si 48 mandat üçin bäsleşdiler, munuň özi bir ýer üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini aňladýar.
Saýlawlaryň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary hem-de dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde syn etdiler, olaryň esasy wezipesi saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybarat boldy.
Kanunçykaryjy edaranyň Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan iki palataly düzüminiň döredilmegi dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna kybap gelýär.
Merkezi Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynda saýlawlara welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 98,7%-i gatnaşdy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary sesleri sanap gutardylar.
Netijede, Merkezi Saýlaw topary saýlary geçirilen diýip yglan etdi. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakynda köpçülige ýetiriler.
Halk Maslahatynyň düzümine jemi 56 adam — her welaýatdan we paýtagtymyzdan 8 adamdan girer. Halk Maslahatynyň ýene 8 agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan belleniler.
Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýaşan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp biler.
Mejlisiň deputatlary öz ygtyýarlyklaryny 2023-nji ýylda geçiriljek saýlawlara çenli saklap galýarlar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti — bäş ýyl. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion Kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.