Ýaşlara nusgalyk ýörelge
10:13 14.09.2023 6484
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Dabaraly çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, nebitgaz toplumynyň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagynyň bagtyýarlyk döwrümiziň taryhy wakasyna öwrülendigi, ýaşlarda watansöýüjiligi hem-de halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrandygy barada bellediler.
Hoşallyk maslahatynyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli bilim, ylym ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegi, bilimli, sagdyn ruhly, ýokary ahlakly ýaşlary kemala getirmek, olary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda alnyp barylýan beýik işler hem-de bu ugurda gazanylýan ösüş-özgerişlikler baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim, ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän okuw-terbiýeçilik maksatly binalar, türkmen ýaşlarynyň milli we halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdyň beýanydyr. Bular dogrusynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň okuw bölüminiň hünärmeni Mergen Amanowyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Atagarryýewiň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýgül Durdyýewanyň we beýlekileriň çykyşlarynda giňişleýin bellenilip, milli bilim, ylym ulgamyny halkara derejesine ýetiren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Türkmenistan we Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişdiler
25-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlarynda gaz pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň öňüsyrasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde geçiren iş maslahatynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingde ekologiýa we “ýaşyl” energetikanyň ösüşi maslahatlaşyldy
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.