Tebigy gazyň çykarylyşy we eksporty artýar
«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny
çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we
ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda
4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Ösüş depgini 116,2 göterime deň boldy.
«M
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
tabşyrygyna laýyklykda, pudagyň hünärmenleri döwrebap tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagyna, ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň netijeli
usullarynyň giňden ulanylmagyna, şeýle hem täze guýularyň işe girizilmegine
aýratyn üns berýärler.