Žurnalyň täze sany çap edildi
11:52 23.06.2021 7661
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik, ylmy-publisistik žurnalynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky nobatdaky sany çap edildi. Žurnalyň ilkinji makalasy ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara forumyň işine bagyşlanypdyr. Makalada işewür hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, nebitgaz toplumynyň düzümleriniň üstünlikleri we geljegi beýan edilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «Global energetika bazary hem-de Türkmenistanyň öňe süren iri taslamalary» atly syýasy-publisistik makalasynda Türkmenistanyň dünýäniň global bazarynda ornuny has-da berkitmek üçin gaz geçirijileriň ugruny diwersifikasiýa etmekde amala aşyrýan anyk taslamalary görkezilýär. Hususan-da, olaryň arasynda demirgazyk, gündogar, günorta, Ýewropa ugurlary tapawutlandyrylýar. Işde agzalan ugurlaryň şu güni, geljegi, amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän taslamalar düýpli seljerilýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Arslan Geldimyradowyň we şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Çopanowyň ylmy esaslandyrmalara daýanýan makalasynda tebigy gaz arassalanylanda emele gelýän kükürdi peýdalanmagyň mümkinçilikleri derňelýär. Tebigy kükürdiň emele gelşi, ýerleşişi, kükürt önümçiligi üçin gazlaryň ulanylyşy, kükürdiň görnüşlere bölünişi anyklanylýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory Hojanepes Ýowjanowyň makalasy «Himiýa ylmy we tehnologiýalary täzeçe ösüşlere gönükdirilýär» diýlip atlandyrylýar. Žurnalyň nobatdaky sanynda neşir edilen bu işde gaz we nebithimiýa, magdan, gidromineral çig mal serişdeleriniň känlerini netijeli ulanmak hakynda derwaýys gürrüň gozgalýar. Şunda tebigy gazda, nebitde, Köýtendag sebitiniň magdanlarynda, Garabogazyň şerebeli suwlarynda, ýerasty ýokary minerallaşan ýod-brom, nebit-gaz ugurdaş suwlarynda, tebigy alýumosilikatlarda we beýleki çig mal serişdelerinde senagat taýdan alynmaga laýyk gelýän gymmatly magdanlar barada alymyň pikirleri, derňewleriniň ylmy netijeleri beýan edilýär.
«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmenaragatnaşyk» müdirliginiň önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Rahat Akmyradowyň işinde hem häzirki döwrüň möhüm meselesinden, ýagny Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda türkmen emeli hemrasynyň geljeginden söhbet açylýar. Kosmiki geologiýanyň ulanylmagy Ýeriň üstüni öwrenmäge hem-de uglewodorod we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gözlemäge mümkinçilik berer.
Žurnalyň beýleki makalalary hem döwrüň wajyp meselelerinden gürrüň açýar. Olar hem okyjylaryň ünsüni çeker diýip pikir edýäris.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.