Göreldeli halypa
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit
kärhanasynda indi biregne 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri zähmet çekip gelýän
Myrat Mätjikow geçen döwürde müşderilere döwrebap hyzmat etmek bilen birlikde,
nebit we nebit önümleri bilen işlemekligiň baý iş tejribesini toplady.
Häzirki döwürde kärhananyň köp gatnawly Gubadag —
Amyderýa awtoulag ýolunyň ýakasynda, Abadanlyk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän
124-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekedinde göreldeli zähmet çekýän M.Mätjikow
öz zähmet ýolunda taplanmagynda kärhananyň 30 ýyla golaý iş tejribeleri bolan
Hudaýberdi