TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki bazar üçin nebitgaz toplumynyň önümleri satyn alyndy
20:57 20.09.2021 6589
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 291-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük hem-de float list aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 3 million 207 müň dollaryndan gowrak boldy.
Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 46 million 400 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksunyň galyndylaryny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle-de elde dokalan halylary satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 424 million 841 müň manatlykdan gowrak boldy, şeýle hem türkmen telekeçileri daşary ýurt walýutasyna bahasy ABŞ-nyň 122 müň dollaryndan gowrak bolan portland sementi satyn aldylar.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
HHR-iň Hökümetiniň ýörite wekili bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý bilen geçirilen duşuşykda energetika, ulag, logistika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti: “Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji durnukly sebit hökmünde görýäris”
Häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitinde çykyşynda belledi.