Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

10:11 07.10.2021 16751

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3041/original-1615be551691e6.jpeg

4-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Gurbanguly Berdimuhamedowy uçaryň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

5-nji oktýabrda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi, onuň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taraplaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň has doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere garadylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça 20-den gowrak resminama gol çekiler.

Duşenbe güni Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Özbek-türkmen ykdysady forumy öz işine başlady. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň syn beriş çykyşlarynda dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulyşýan goňşy ýurtlaryň üstünlikli amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň many-mazmuny açylyp görkezildi.

Ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekilmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylygynyň, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy boldy.

Başga makalalar
1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


16319915779985.jpeg
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.


163186277513ce.jpeg
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.


163198036f2d54.jpeg
HHR-iň Hökümetiniň ýörite wekili bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý bilen geçirilen duşuşykda energetika, ulag, logistika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


167efda72c476b.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti: “Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji durnukly sebit hökmünde görýäris”

Häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitinde çykyşynda belledi.