«Türkmennebit» döwlet konserni bäsleşik yglan edýär: 07.10.2021-17.11.2021

18:57 10.10.2021 383

“Türkmennebit” döwlet konserni tender boýunça saýlap almak toparyň adyndan aşakda görkezilen lotlar boýunça

№13 açyk tender yglan edýär:

Lot — «Goturdepe» käniniň 3D sanly geologiýa we gidrodinamika nusgalarynyň gurluşy we monitoringi

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat ýüz tutup bilersiňiz:

·        bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

·        "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

·        lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

·        yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 1725 amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bu Bäsleşikde gönüden-göni öndürijileriň teklipleri kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Görkezilen seneden giç gelen teklipler kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-39 (arza bermek üçin faks); 40-39-77, 40-36-36,40-39-60 (tehniki soraglar üçin)

Goşmaça maglumat

Başga makalalar