Ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy

18:35 07.03.2022 6439

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4102/original-1622843f61dc54.jpeg

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Çykyş edenler milli Liderimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýan wezipeleri, hususan-da, nebit we gaz serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ulanmak we önümçilik hem-de düzümleýin desgalary kämilleşdirmek, şeýle hem ähli önümçilik bölümlerinde döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini güýçlendirmek, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna aýry-aýry görkezijiler boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini üpjün etmek babatda berlen tabşyryklar barada giňişleýin durup geçdiler.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň örän möhüm wezipedigini nygtamak bilen, ýygnananlara «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Başga makalalar
16225a29a559b6.jpeg
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.


1685bca700e785.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

25-nji iýunda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


1685ba108164f0.jpg
Türkmenistanyň we AÖB-niň wekilleri hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar

24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.


162259cfaa4e00.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň ýanwar-fewral aýlarynda işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.