Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi
19:37 11.03.2022 5295
Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şular ýaly jemi 55 sany çäre geçirildi. Wagyz-nesihat işleri şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde geçirildi. Telewideniýede dalaşgärleriň maksatnamalary we terjimehallary jikme-jik tanyşdyryldy.
Şeýle hem, habar berlişi ýaly, 11-nji martda «dymyşlyk güni» yglan dildi. Bu günde wagyz-nesihat işlerini geçirmek gadagan edilýär.
Merkezi saýlaw topary döwlet Baştutany wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy. Bäş welaýatyň we Aşgabadyň teklipçi toparlaryndan 6 sany dalaşgär, şeýle hem Demokratik partiýadan, Agrar partiýadan we Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 3 dalaşgär bellige alyndy.
Şenbe güni, 12-nji martda irden sagat 7:00-dan 19:00-a çenli saýlaw uçastoklarynda saýlawlar geçiriler. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti saýlanylar.
Türkmenistanda we ýene-de 30 sany daşary ýurtlarda 2618 sany saýlaw uçastoklary döredildi.
MST 2726 sany milli synçylary bellige aldy. Mundan başga-da, Prezident saýlawlaryna gözegçiligi GDA-dan gelen synçylar amala aşyrýar. Şeýle hem Türki döwletleriň guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan we birnäçe döwletden synçylaryň gelmegine garaşylýar.
«Türkmennebit» DK «Tatneft» bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Goturdepe nebitgaz ýatagynda iş alyp barmak boýunça goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.
«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär
«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.
Türkmennistanyň Prezidenti Germaniýa bilen «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi we ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar žurnalistlere habar berdi diýip, TOLO news owgan habarlar agentligi habar berýär.