«Türkmennebit» döwlet konserni Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy bilen guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşdylar. Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasynda göz öňünde tutulýar.
Degişli kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow hökümet mejlisiniň barşynda hödürledi.
Resminama laýyklykda, Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň gazylyp alynýan möçberlerini ýokarlandyrmak üçin pudaga öňdebaryjy tejribäni giňden çekmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.