CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy turbalary tehniki barlagdan geçirmek boýunça tender yglan edýär: 28.10.2022 - 10.11.2022

16:32 02.11.2022 2546

  CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyndaky turbalary tehniki barlagdan geçirmek boýunça gaýtadan №CIT-21036-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

1.  Tendere gatnaşmak üçin tenderiň belgisi we ady görkezilen arza;

  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

     Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanyp, onda hökmany suratda resminamanyň СD diske skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir. 

Bäsleşige gatnaşmak şertleri we resminamalar barada ýüze çykan soraglary anyklamak üçin 

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Başga makalalar