“Türkmennebit” Döwlet konserni Halkara açyk tender yglan edýär: 15.11.2022 - 27.12.2022

09:00 16.11.2022 690

Hormatly jenaplar!

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça gaýtadan №-44/3 belgili Halkara açyk tenderi yglan edýär:

Lot №3 – Elektriki, geofiziki enjamlar, gözegçilik-ölçeg abzallary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

-lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir lot üçin ABŞ-nyň 575 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Ýokarda görkezilen bäsleşige ähli gyzyklanma bildirýän harytlar bilen üpjün edijiler gatnaşyp bilerler. 

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. 

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-77, 40-36-36, 40-39-60; faks: 40-39-27. 

Elektron salgysy: vesturkmenoil@sanly.tm

Başga makalalar