“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 16.11.2022 - 25.11.2022

16:56 16.11.2022 409

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza №144 12.10.2022 – Dizel generatorlar (2 pozisiýa)

Marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 10 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly aşakda görkezilen salgylara ibermeli;

2.    Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 62 59 22 31

+993 61 76 54 88

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon:

+7 495 788 55 60

Faks:

+7 495 748 32 31

Elektron salgysy:

mitro13@mitromos.com, sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar