Türkmenistan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy döwrebaplaşdyrmak boýunça gepleşiklere gatnaşýar
02:13 26.08.2020 8503
Türkmenistanyň wekilleri Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy (EHY) döwrebaplaşdyrmak boýunça wideomaslahatlar görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna gatnaşýarlar.Türkmen tarapyndan gepleşiklere ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri gatnaşýarlar.Taraplar Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky iş Toparynyň häzirki — hasap boýunça ikinji mejlisinde bu resminamanyň taslamasynyň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler.Energetika ulgamynda maýa goýumlaryny goramak esasy mowzuklaryň biridir. Geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda meseleleriň giň tertibine, şol sanda halkara maýa goýum düzgünini kemala getirmekdäki orny, täze üstaşyr serhet energetika ulgamyna maýa goýmagyň aýratynlyklary, ýurtlaryň we energetika taslamalaryna beýleki gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk we telekeçilik ugurlary Energetika Hartiýasyna Ylalaşygyň tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşykda EHY-ny dünýäniň energetika ulgamyna ornaşdyrmagyň häzirki zaman talaplaryna uýgunlaşdyrmagyň, oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin hökmany bolan hem-de maýa goýumlary we energiýa serişdeleriniň söwdasy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýän bitewi kadalary işläp taýýarlamagyň wajypdygy bellenildi.Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Häzirki wagtda energetika howpsuzlygy döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň möhüm ähmiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny birleşdirýän EHY häzirki wagtda ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup durýar. Ol çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek, şol sanda döwletara gaz geçirijileri we elektrik geçiriji ulgamlar bilen baglanyşykly hukuk meselelerini çözmäge gönükdirilendir.Iri halkara taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlan Türkmenistan üçin bu meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.