“Türkmengaz” Döwlet konserni açyk Tender yglan edýär: 24.02.2023 - 12.04.2023.
19:02 28.02.2023 3089
Hormatly jenaplar!
“Türkmengaz” döwlet konserni 24.02.2023 - 12.04.2023.
aralygynda
“Türkmengaz” DK zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça
№ T/GAZ-011 belgili açyk tender yglan edýär:
Lot №2 – “Tehnologik enjamlar”;
Lot №3 – “Elektrotehniki enjamlar, kabel önümleri”;
Lot №5 – “Himiýa önümleri”.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça:
-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
-lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Ähli zerur maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ salgydan ýükläp ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.
Elektron salgysy: turkmengaz@online.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
40- 37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42
Tendere gatnaşmak üçin teklipler 12.04.2023ý. ýerli wagt bilen sagat 12.00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Elektron salgysy: turkmengaz@online.tm
“Türkmengaz” DK internet saýtynyň salgysy: http://www.oilgas.gov.tm/