Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk şanly
baýramçylygynyň öň ýanynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tamponaž müdirligine
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyndan satyn alyp beren «KAMAZ»
kysymly döwrebap, ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen sementleýji
tehnikalaryň täze tapgyrynyň gelip gowuşmagy müdirligiň zähmet adamlarynyň toý
şatlygyny goşalandyrdy. Bu täze tehnikalar kärhanada halkymyzyň döwletli
ýörelgeleriniň, gadymy milli däpleriniň esasynda ak un sepilip, üzärlik
tütedilip garşy alyndy.
Täze tehnikalar dünýäniň uglewodorod çig malyna baý, energetika döwletleriniň biri bolan ýurdumyzyň nebitli, gazly meýdançalarynda ýokary netijeli işledilip, uzakmöhletleýin ulanylmagy üçin kärhananyň iň tejribeli sürüjilerine berkidilip, bada-bat işleriň gyzgalaňly barýan ýerlerine ugradyldy.