Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak işleriniň her birine «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Burawlaýjylar nebitli-gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýylyň 20-nji aprelinde konserniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginde gazuw işleri tamamlanan täze 392-nji guýudan çüwdürim esasynda bol nebit akymynyň alynmagy hem muny doly tassyklaýar.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Şöhratly zähmet däplerine baý bolan bu müdirligiň hünärmenleri hem belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda göreldeli zähmet çekýärler.