“Türkmennebit” DKgaýtadan halkara bäsleşik yglan edýär: 01.06.2023 - 17.07.2023

14:47 05.06.2023 3156

Hormatly jenaplar!

“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşakdaky lot boýunça gaýtadan №77/1 belgili açyk görnüşli halkara tender yglan edýär:

Lot – Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desganyň taslamasyny düzmek, ony dolulygyna gurmak, işe girizmek hem-de onuň gurluşygy üçin gerekli materiallar we enjamlar bilen üpjün etmek. 

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

-lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly. 

Bäsleşige gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa gatnaşyp biler. 

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. 

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-39-93, 40-39-90, 40-35-55, 40-35-53. 

Faks: 40-39-39. 

Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm

Başga makalalar