"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” tender yglan edýär: 08.06.2023 - 21.06.2023

15:47 12.06.2023 3173

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy buraw galyndylaryny termiki taýdan gaýtadan işleýiş gurluşy bilen üpjün etmek hem-de degişli hyzmatlary bermek boýunça №РСТ/ТКG-WD/2023/002 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar.  

№  tender № ady elektron salgysy
1 PCT/TKG-WD/2023/002 Buraw galyndylaryny termiki taýdan gaýtadan işleýiş gurluşy bilen üpjün etmek hem-de degişli hyzmatlary bermek boýunça №РСТ/ТКG-WD/2023/002 belgili tender   tender.tkm8@petronas.com.my

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly: 

• tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);

• arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;

• Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81  ýa-da tender.tkm8@petronas.com elektron salgy boýunça kabul edilýär.

Başga makalalar