Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
18:49 11.08.2023 6694
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
5 kilometrlik gaz geçirijiniň gurluşygy 2022-nji ýylyň martynda başlandy. Gaz turba geçirijisi Lam-B platformasyndan Lam-C we Lam-28 platformasyna çenli geçirildi.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Çeleken känindäki Dzheitune (Lam) we Dzhygalybeg (Zhdanov) känlerinde çykarmak işlerini Dragon Oil kompaniýasy alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.